bulaşdyrmak

bulaşdyrmak
işlik
1) Hapa bulamak, çirk ýokdurmak, hapalatmak.
2) Yzly-yzyna bulamak, çalt-çalt bulamak.
∙ Ýene-de agaç çemçe bilen bulaşdyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
3) Agzalalyk düşürmek, bulagaýlyk döretmek, bulaşyklyk döretmek.
∙ Munuň ýaly halky bulaşdyrýan melgunyň köküni köwlemek gerek. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
4) Bulam-bujar etmek, garym-gatym etmek.
∙ Hasap-hesip işlerini bulaşdyrmak.
5) Pikir garyşmak, zerarly bir zady ikinji bir zat bilen çalşyrmak.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»